Awtobuslarda ýolagçylary rejä garaşsyz (sargyt esasynda) gatnatmak işi

Bu gatnatmalar ýuridiki we şahsy taraplaryň buýurmalary esasynda amala aşyrylýar. Ýolagçylary buýurma boýunça gatnatmak ýazmaça görnüşde baglaşylan awtoulagda gatnatmak baradaky şertnamanyň esasynda berlen ulag serişdesi bilen, şertnamada kesgitlenen şertler esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde döwlet eýeçiligindäki we döwlete dahyly bolmadyk, şol sanda syýahatçylyk kärhanalaryň birnäçesi bilen baglaşylan şertnamalar esasynda jemgyýetimiz tarapyndan ýolagçy gatnatmalar amala aşyrylýar.