Elekrtik energiýasy boýunça türkmen ― owgan şertnamasy ýene bir ýyl uzaldyldy

Owganystan 2023-nji ýylyň dowamynda hem Türkmenistanda elektrik energiýasyny satyn alar. Bu babatda, «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň we Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS) milli elektrik kompaniýasynyň ýolbaşçylary Aşgabatda degişli ylalaşyga gol çekdiler.

TASS-yň ýazyşy ýaly, türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurda ýeňillikli bahalar bilen berilýär, bu bolsa demirgazyk welaýatlarynyň, günbatar we demirgazyk-günbatar sebitleriň hemmesini, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap welaýatlaryny, şeýle hem Mazar-y-Şerif, Şybyrgan we beýlekileri öz içine alýar.

2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletlerini uzaltmak hem-de iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini we bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.