Türkmenistanda deňizderýa ýollary boýunça dünýä tejribesi özleşdirilýär

Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki wagtda deňizderýaýollary ulgamynda toplumlaýyn işleriň depginini ýokarlandyrmak, şol sanda dünýäniň oňyn tejribesini öwrenmek we ulanmak, halkara ýük daşamalary ösdürmek boýunça mümkinçiliklerden peýdalanmak babatda işler alnyp barylýar.

Bu barada Hökümetiň penşenbe güni Mary welaýatynda geçirilen göçme mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanyna  hasabat berdi. 

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agentligiň ýolbaşçysyna halkara standartlara laýyklykda, deňiz we derýa ulagy pudagynyň dolandyrylmagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, bu ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň, halkara ýük daşamagy amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurduň gämigurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin esas bolup durýandygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna milli deňiz flotunyň giňeldilmegini, dürli görnüşli gämileriň gurluşygynyň özleşdirilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.