Türkiýe Eýranyň üsti bilen Türkmenistana ýük daşamalaryny artdyrar

Türkiýäniň Maşatdaky baş konsuly Fatih Topçunyň Eýranyň wezipeli adamlary bilen geçiren gepleşikleriniň netijesinde, ýakyn geljekde bu gümrük nokady arkaly ýük gatnawynyň köpeler diýip, «Daily Sabah» habar berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna harytlaryň iberilmegi ep-esli çaltlaşar hem-de artar diýlip, habarda bellenilýär. 

Habar berlişi ýaly, ýük daşamalary möçberi şu aşakdaky meseleleriň çözülmeginiň netijesinde artdy:

  • Türkmenistan bilen ylalaşykda serhetdäki resmileşdirmek işini çaltlaşdyrmak üçin iş wagtyny köpeltmek;
  • Günüň dowamynda serhetden geçmäge rugsat berilýän ulaglaryň sanyny köpeltmek;
  • Ýangyç satyn almagy ýeňilleşdirmek üçin eýranly bolmadyk raýatlara ýangyç kartlary berler;
  • Tirkegleriň çalyşmagy ýatyrylar, bu hem serhetden geçmegiň wagtyny ep-esli azaldar.

Mundan başga-da, Eýran tarapy çalt zaýalanýan harytlaryň resmileşdirilmeginiň hem optimallaşdyryljakdygyny aýtdy.