Hytaýda öndürilen awtoulaglar ýük otlusy bilen Türkmenistana ugradyldy

Üsti hytaý kompaniýasyna degişli bolan 261 awtoulagly ýük otlusy sişenbe güni Hebeý welaýatynyň Şijiazhuan şäherinden Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna, şol sanda Türkmenistana ugradyldy. Bu barada Şijiazhuang halkara guryýer portuna salgylanyp, «China Daily» habar berdi.

Otly ilki Sinszýan uýgur awtonom sebitiniň serhet porty bolan Horgosa barar. Soňra awtoulaglar ýük ulaglary bilen Türkmenistana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Özbegistana eltiler.

Portuň habar bermegine görä, bu Pekin-Týanjinin-Hebeý sebitinden ulaglary daşamak üçin ugran ilkinji iki gatly otludyr. Otlynyň 29 wagonynyň her birine 9-10 awtoulag ýükläp bolýar. Awtoulaglaryň wagonlara göni münüp bilýändigi bolsa olary ýüklemek we düşürmek işiniň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar.

Ýeri gelende bellesek, ulaglar Hytaýyň Hebeý welaýatynyň Baoding şäherinde ýerleşýän «Great Wall Motors» awtoulag kompaniýasy tarapyndan öndürildi.