2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabryna çenli Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ýola düşjek içerki hem-de halkara ýolagçy gatnawlarynyň tertibi ildeşlerimize ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Dowamyny oka27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilini kabul etdi. Ol “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Dowamyny oka27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz döredijilikli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine jogapkärli çemeleşýär.
Dowamyny okaTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” halkara konferensiýasyna gatnaşyjylara ýüzlenme iberdi.
Dowamyny oka27-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristofer Alberto Martinez Berroterandan ynanç hatyny kabul etdi.
Dowamyny okaRussiýada Hytaýyň awtoulag markalarynyň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 37% artyp, 6 457 birlige ýetdi. Munuň özi hasabat döwründe bellige alnan ähli awtoulaglaryň 62 %-ini emele getirdi. Şol döwürde Russiýada öndürilen ýük awtoulaglarynyň satuwynyň 9% azalandygyny we 2630 birlige ýetendigini bolsa «Autostat Info» habar berýär.
Dowamyny okaTürkmenistanyň ilçisi Atajan Movlamow 26-njy martda Pakistanyň Nebit ministri Musadik Mälik bilen öz ofisinde duşuşdy. Ilçi ministriň wezipesine girişmegi bilen gutlady we bu meselä wepalylygyny öwdi.
Dowamyny okaAk bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda 26-njy martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy.
Dowamyny oka26-njy martda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi N.Gölliýew Gyrgyzystanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň müdiri A.Akmataliýew bilen duşuşdy.
Dowamyny oka25-nji martda BMG-nyň hyzmatdaşlygy bilen Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy tarapyndan BMG-nyň Nýu-Yorkdaky baş edarasynda görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýörite çäre geçirildi. Bilim, ylmy we medeni gurama (UNESKO) we halkara türk medeniýeti guramasy (TURKSOY).
Dowamyny oka