22-nji aprelde Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň binasynda Awtoulag boýunça türkmen-rumyn bilelikdäki komissiýasynyň üçünji mejlisi we Ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi.
Özbegistan Respublikasynyň Termez döwlet uniwersitetinde Surhanderýa welaýatynyň Türkmen milli medeni merkeziniň guramagynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy – dostlugyň waspçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde ilçi Begenç Durdyýewiň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary ilçi Kim Taýejin bilen duşuşygy geçirildi, bu barada türkmen ilçihananyň metbugat gullugy habar berýär.
23-24-nji aprelde Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly III halkara forumy geçiriler, oňa Türkmenistanyň kompaniýalary, şol sanda deňiz söwda floty paýdarlar jemgyýeti hem gatnaşar.
Awtoulag synlarynda ýöriteleşen Iňlis neşiri “Whatcar.com”, baha kategoriýasynda 25 000 funt sterlinge çenli iň köp ulanylýan krossoverleri kesgitledi.
18 — 20-nji aprelde Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde ýangyn amaly sport bäsleşigiň 2024-nji ýyldaky döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi.
2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň söwda-ykdysady meseleleri boýunça geneşçisi Li Ýuenin bilen duşuşyşk geçirildi.
19-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň önümçilik ygtybarlylygyny gazanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda bellenilýär.
Köpden bäri garaşylýan «Toyota Land Cruiser 250» ýapon bazaryna girdi, ol 2023-nji ýylyň awgust aýynda tanyşdyrylan «Land Cruiser Prado J250» ulagynyň täzelenen görnüşidir, onuň adynyň «Prado» bölegi aýryldy we gibrid görnüşlerinden mahrum boldy.