«Mercedes-AMG» täze elektrik awtoulagyny – öndürilýän ulaglaryň arasynda deňi-taýy bolmadyk 1000 at güýji kuwwaty bolan krossoweri çykarmaga taýýarlyk görýär.
Şu gün Türkmenistanda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlaýar.
Düýn — 12-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde EKOSOS-yň Guramaçylyk sessiýasynyň işiniň çäklerinde Geňeşiň kömekçi edaralaryna saýlawlar geçirildi.
Geçirilen saýlawlaryň dowamynda EKOSOS-yň agzalary 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini bir agyzdan goldadylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň 12-nji aprelde geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyza şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň edara binasynda Agentligiň wekilleri hem-de Royal IHC Niderlandlar Patyşalygynyň kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Brýusselde geçirilen ýokary derejeli ýygnakda ara alnyp maslahatlaşylan, ileri tutulýan meseleleriň biri bolan Türkmenistanyň içerki suw ýollarynyň, deňiz we derýa kanallarynyň düýbüni çuňaltmak meselesi barada aýdylyp geçildi. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.
11-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygy ilerletmek: ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek” atly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen iş sapary bilen Ženewada bolan Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory Alekseý Borodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.