Taksi hyzmatyny onlaýn usulda ýa-da dispetçeriň üsti bilen telefon arkaly sargyt etmek

Onlaýn usulda taksi hyzmatyny nädip sargyt etmeli?

- Ilki bilen, ykjam telefonuňyza “Onlaýn taksi” goşundysyny Play Market ýa-da App Store internet dükanlaryndan ýükläň. Soňra, ýüklenilen goşundyny telefonuňyza gurnaň.

- Munuň yzyndan, şahsy telefon belgiňizi giriziň.

- Ýerleşýän ýeriňiziň takyk salgysyny we barjak ýeriňizi görkeziň ýa-da ony kartadan saýlaň.

- Agzalan maglumatlar girizilenden soň, taksi sargydynyň takmyn bahasyna serediň. Taksi hyzmaty üçin tölegiň möçberi sizi kanagatlandyrýan bolsa, "taksini sargyt et" düwmesine basyň.

- Taksi hyzmaty sargyt edilenden soň, 5-10 minudyň dowamynda awtoulagyň görkezilen ýere gelendigi barada ses habarnamasyny alarsyňyz.

- Gatnawyň soňky nokadyna barlanda, goşundyda taksi hyzmatynyň ahyrky tölegi, şeýle-de ulagyň sürüjisi we ulagyň görnüşi hakynda maglumatlar görkeziler.

- Taksi sargydy üçin tölegi nagt görnüşde ýa-da bank karty arkaly terminalyň üsti bilen nagt däl görnüşde tölemek mümkindir. Şunuň bilen birlikde, ýakyn wagtda müşderiler üçin onlaýn-töleg hyzmaty hem elýeterli bolar.

Şeýle hem, taksi hyzmatyny sargyt etmegiň başga bir usulyny hödürleýäris:

  • 0655 gysga belgä jaň ediň.

- Taksi hyzmaty üçin, dispetçer bilen öý telefony hem-de ykjam telefon arkaly habarlaşmak mümkinçiligi döredilendir.

(ýokardaky ikisine derek: Dispetçer bilen habarlaşmak üçin öý ýa-da ykjam telefon arkaly 0655 gysga belgä jaň ediň.)

- Bellenilen salga taksi ulagy sartgyt edilenden soň, telefon belgiňize iki sany sms-habary geler. Bularyň birinjisi sargydyň kabul edilendigini tassyklar, ikinjisi bolsa taksi ulagynyň görkezilen salga gelendigini habar berer.

- Gatnawyň soňunda, telefon belgiňize ahyrky töleg mukdary görkezilen üçünji sms-habary geler.

Onlaýn taksi” goşundysy arkaly sargyt edilen taksi hyzmatynyň hiline we gysga wagtyň içinde elýeterliligine günüň islendik wagtynda mynasyp derejede baha berip bilersiňiz.