Moskwa we Aşgabat Hazar deňziniň kenarýakasyndan awtomobil ýoluny gurmagy maslahatlaşýar

Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Aşgabatda geçirilen Rus-türkmen işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda belledi.

RF-niň Hökümetiniň Başlygy Russiýa bilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynda awtomobil ýoluny gurmak taslamasyny durmuşa geçirip biljekdigi barada aýtdy. 

Mişustin bu babatda: «Halkara ulag ýollarynyň emele gelmegine aýratyn ähmiýet berýäris we biziň bu babatdaky wezipämiz türkmen kärdeşlerimiziň çemeleşmelerine doly laýyk gelýär. Bilelikde «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üstünde işleýäris we kämilleşdirýäris. Bu bolsa işewürlik üçin gurluşyk infrastrukturasy, hyzmatlar we söwda-logistika merkezleri, deňiz portlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly giň mümkinçilikleri açar» - diýip, uly gyzyklanma bilen aýtdy.

Mundan başga hem, Mişustin Hazar deňzindäki rus we türkmen portlarynyň ýük dolanyşygyny artdyrmak, demir ýol lokomotiwleri, ýük we ýolagçy awtoulaglary bilen üpjünçiligini giňeltmegiň zerurdygy dogrusynda durup geçdi.