Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly «Uzawto motors» kompaniýasynyň ýükleri ugradyldy

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Uzawto motors» kompaniýasynyň (Özbegistan) «Azermaş» (Azerbaýjan) kompaniýasyna ýüzden gowrak 40 futluk konteýnerlerde ýükleriniň ugradylmagyna goşandyny goşdy.

Bellenilişi ýaly, Gündogar — Günbatar ulag gatnaw ugurly bu konteýnerlere awtomobil önümçiligi üçin niýetlenen awtoulag ätiýaçlyk şaýlary ýüklenilendir.

Ýeri gelende 2023-nji ýylyň ilkinji günlerinden Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenbaşy — Baku — Türkmenbaşy ugry boýunça fider ýük gatnawlaryny amala aşyrmak maksady bilen, «Balkan» gämisini peýdalanyp başlandygyny bellemek bolar.