Tükmenistanyň Astrahandaky logistika merkezi Merkezi Aziýanyň Russiýa deňiz çykalgasy bolar

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy Astrahan şäherinde Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmek üçin hereketleriň meýilnamasy kabul etdi. Bu möhüm ädim Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewür forumynyň netijesinde ädildi.

Şeýle hem Aşgabatdaky forumda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ we  «Ýörite ykdysady zolak» paýdarlar jemgyýeti (RF) maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ähtnama gol çekdiler.

Türkmen tarapy tarapyndan taýýarlanylandan we zerur maýa goýumlaryna deslapky baha berlenden soň taslamany durmuşa geçirmek üçin ýol kartasy işlenip taýýarlanylar we logistika merkezini döretmek barada şertnama gol çekiler.

Geljekde bu merkez Özbegistan, Gyrgyzystan ýaly Hazar deňzine çykalgasy bolmadyk döwletler üçin «Demirgazyk ― Günorta» halkara ulag geçelgesine birikdirmäge oňat mümkinçilik bolar.

Türkmenistandan geçýän «Demirgazyk ― Günorta» Halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasyndan ýük gatnawynyň ösüşi hökümetara türkmen-rus Ykdysady hyzmatdaşlyk geňeşiniň 12-nji mejlisinde aýratyn bellenildi.

Berlen maglumatlara görä, 2021-nji ýylda bu geçelge arkaly 700 tonna ýük daşalan bolsa, geçen ýyl daşalan ýüküň mukdary 62 müň tonna golaýlady.

«Lotos» paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiriniň pikirine görä, Astrahan portunda Türkmenistanyň logistika merkeziniň peýda bolmagy Merkezi Aziýadan Russiýa we yzyna ýük daşamagynyň ösmegine möhüm itergi berer.