Türkmenistanda gümrük amallaryny sanlylaşdyrmakda GIZ bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan Halkara ýol ulaglary bileleşigi (IRU) bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu babatda, aýratyn-da Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlygy jemgyýeti (GIZ) bilen iş salyşýar.

Bu barada IRU Halkara ýol ulaglary (TIR) we tranzit ulgamlarynyň müdirliginiň direktory Tatýana Reý-Belle şeýle belleýär: — Türkmenistan we IRU geçen ýyl ýurduň üstaşyr we ulag mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen aragatnaşygyny gowulandyrmak üçin serhetaşa işleri işjeňleşdirmek üçin birnäçe taslamany durmuşa geçirdi.

IRU-nyň wekili GIZ Türkmenistanda gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagyny goldamagy dowam etdirer diýip belledi.