Hytaýyň awtoulag senagaty ýük ulaglarynyň bazarynda öňdebaryjylygyny elden bermeýär

 Russiýada Hytaýyň awtoulag markalarynyň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 37% artyp, 6 457 birlige ýetdi. Munuň özi hasabat döwründe bellige alnan ähli awtoulaglaryň 62 %-ini emele getirdi. Şol döwürde Russiýada öndürilen ýük awtoulaglarynyň satuwynyň 9% azalandygyny we 2630 birlige ýetendigini bolsa «Autostat Info» habar berýär.

Hasabat döwründe «Sitrak» kysymly awtoulagyň satuwy 557 göterim ösüp, 1477-den 2294 birlige çenli artdy. Satylan sany iň kän bolan hytaý brendleriniň arasynda ikinji netijäni «Sachman» görkezdi. Onuň satuwy 1188-den 1255 birlige çenli, mahlasy 67% ýokarlandy. Hytaýyň ýük awtoulaglarynyň arasynda üçünji orny fewral aýynda satylan sany 882 awtoulaga ýeten «FAW» eýe boldy. Bu netijäniň bir ýyl mundan ozalky 795 birlige barabar bolan görkezijiden 11% köpdügini bellemek gerek. Galyberse-de, fewralda satylan hytaý brendlerinden «Dongfeng» (satylan nusgasy – 696) hem-de «Howo» (443) öňdäki bäşligi jemlediler.

4x2 tigirli «Sitrak C7H» awtoulag bazaryndaky umumy görkezijiler boýunça hem liderdir. Şonuň esasynda hem, ol Hytaýyň ýük awtoulaglarynyň arasynda birinji orunda durýar. Şu ýylyň fewral aýynda modeliň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 622% ýokarlandy. Munuň özi görkezijiniň 1028-den 1650 birlige çenli artandygyny aňladýar. Ikinji orny markanyň başga bir modeli — «Sitrak C7H» atly 6x4 tigirli nusga eýeleýäp, onuň satuwy degişli döwürde 190-dan 482 birlige çenli artdy we 154 göterim ösüş gazanyldy. «Dongfeng DFH» Hytaýyň ýük awtoulaglarynyň arasynda 2024-nji ýylyň fewral aýynda satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 370 göterim artyp, mahlasy, 62-den 432 birlige çenli ýokarlanyp, üçünji orny eýeleýär. Şu ýylyň fewral aýynda ýük bazaryndaky hytaý markalarynyň iň gowy modelleriniň bäşliginiň üsti «Sachman SX 331» (415 birlik) we «FAW J6» (405 birlik) nusgalary bilen ýetirildi. 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýük awtoulaglarynyň bazary 2023-nji ýylyň dekabry bilen deňeşdirilende, 35,7%, geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende bolsa 6,5% peseldi.