Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynda boldular.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 42-iş belgili buýrugy esasynda “Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 46-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama, gurluşyk, şähergurluşyk işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny, döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirmelerini bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen “Kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlar” atly TGK 2.08.14-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary tassyklanyldy.
Şu gün Fransiýanyň paýtagty Parižde geçýän Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF — 2024) çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy ýerli kompaniýalaryň ikisiniň «Airbus» we «THALES SIX GTS France SAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.
23-nji aprelde Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş meseleleri boýunça Döwlet sekretary Lord Kameronyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi.
22-nji aprelde Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň binasynda Awtoulag boýunça türkmen-rumyn bilelikdäki komissiýasynyň üçünji mejlisi we Ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi.