«Türkmenistan» awiakompaniýasy Delä uçýan gatnawlaryň sanyny artdyrdy

2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabryna çenli Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ýola düşjek içerki hem-de halkara ýolagçy gatnawlarynyň tertibi ildeşlerimize ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Täze tertibe laýyklykda, Aşgtabat — Deli ugry boýunça gatnawlaryň sany artdyrylyp, hepdede üç uçuşa ýetirildi. Ozal şu ugur boýunça uçuşlar diňe şenbe hem-de ýekşenbe günleri amala aşyrylýardy. Nobatdaky tertipde bolsa Aşgabat — Deli ugry boýunça gatnawyň çarşenbe, penşenbe hem-de ýekşenbe günleri guraljakdygy tassyklanýar.  

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Dubaý, Abu-Dabi, Jidda, Deli, Stambul, Moskwa, Pekin, Milan, Kazan, London, Frankfurt, Hoşemin, Bangkok hem-de Kuala-Lumpur şäherlerine halkara gatnawlaryny amala aşyrýar.    

Gatnawlaryň tertibi bilen awiakompaniýanyň resmi saýtynda — şu çeşme arkaly tanşyp bilersiňiz.