Gazagystan Ermenistany Eýranyň we Türkmenistanyň üsti bilen haryt getirmäge çagyrdy

2024-nji ýylyň 27-31-nji martynda Ýerewanda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi we «Astana» diplomatiýa kluby tarapyndan gurnalan ermeni-gazak işewürlik forumy üstünlikli geçirildi.

Forumyň çäginde logistika, senagat, IT we söwda boýunça işewür wekilleriň arasynda B2B derejeli gepleşikler geçirildi.

Işewürlik forumynda «Astana» diplomatiýa klubynyň prezidenti Kaýyrbolat Sahmetow ermeni gatnawçylaryna «Eýran ― Türkmenistan ― Gazagystan» ulag geçelgesini has işjeň ulanmagy teklip etdi.

«Eýran bilen serhetleşýänligiňiz sebäpli, bu teklip gyzykly bolup biler diýip pikir edýärin. Dizel ýangyjy Eýranda we Türkmenistanda arzan. Biz bu döwletletiň ikisi bilen hem serhetdeş, olar bilen demirýol arkaly birikýäris» diýip, ol teklibini delillendirdi.

Onuň sözlerine görä, Ermenistan önümlerini eýran ýa-da türkmen ýük awtoulaglaryna ýükläp ýa-da demirýol arkaly Türkmenistan bilen serhetdäki gury porta eltiip biler. Bu ýerden Gazagystanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen Hytaýa çykmak mümkindir.

Diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri Gazagystan bilen Ermenistan berk dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Gazagystanda 25 müňe golaý ermeni ýaşaýar we 14 sany ermeni mekdebi bar. Gazagystan Respublikasynda ermeni kompaniýalarynyň 435-si, Ermenistanda bolsa gazak kompaniýalarynyň 100-den gowragy işleýär.

Soňky ýyllarda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy yzygiderli ösýär; diňe 2023-nji ýylda özara söwda 23 göterim ýokarlanyp, 53 million dollara ýetdi. Emma mundan beýläk hem ösüşi üpjün etmek mümkin. Mysal üçin, Ermenistan Gazagystana derman we dokma önümlerini, gurluşyk serişdelerini, öý himiki serişdeleri, azyk önümlerini (balyk, peýnir, konserwirlenen we doňdurylan miweler we gök önümler, mineral suwlar, güller we ş.m.) ibermegi artdyrmaga taýýardyr. Göni B2B aragatnaşyklaryny ýola goýmak iki ýurduň söwda we ykdysady mümkinçiliginiň durmuşa geçirilmegine goşant goşar.