Gümrük gullugyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň üçünji tapgyryna badalga berler

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň sebitleýin utgaşdyryjysy Dmitriý Godunow bilen duşuşygy boldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň birinji tapgyrlarynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ASYCUDA elektron deklarirleme üstünlikli durmuşa geçirildi, ikinji tapgyryň çäginde Eksport-import amallary üçin bir penjire ulgamyny işe girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň üçünji tapgyrynyň çäginde hem Türkmenistanda gümrük edaralaryny sanlylaşdyrmagyň üçünji tapgyryny amala aşyrmak teklip edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşyda taraplar BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy tarapyndan taýýarlanan  Türkmenistanda gümrük edaralaryny sanlaşdyrmagyň üçünji tapgyry boýunça teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Çeşme: Halkara habarlar merkezi