Ýolagçy gatnatmak boýunça taksileriň işi

Ýolagçylary ýeňil takside gatnatmak buýrujy tarapyndan ýeňil taksiniň sürüjisi bilen gönüden-göni dilden baglaşylýan şertnamanyň esasynda ýa-da daşaýjy tarapyndan ýeňil taksini hakyna tutmak baradaky buýurmanyň esasynda amala aşyrylýar. Buýurma islendik aragatnaşyk serişdelerini ulanmak arkaly, şeýle hem daşaýjynyň ýerleşýän ýerinde kabul edilýär. Ýeňil taksiden peýdalanylandygy üçin töleg şeýle halatda ýeňil takside oturdylýan taksi hasaplaýjysynyň görkezijilerine laýyklykda gatnawyň hakyky aralygyndan ugur alnyp bellenen nyrhlaryň esasynda ýa-da ýeňil taksiniň hakyky geçen ýoluna garamazdan, ýeňil taksiden peýdalanylan hakyky wagt esasynda kesgitlenýär. Taksi hyzmatlary üçin töleg nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrmak mümkinçilikeri döredilen. Ýolagçylary ýeňil taksilerde gatnatmakda ulanylýan awtoulag serişdeleriniň şäher boýunça hereketine, tizligine, geçen aralygyna GPS ulgamy arkaly gözegçilik edilýär.