Hytaý kompaniýasy Türkmenistana ýük ulaglarynyň tapgyryny iberdi

SANY hytaý kompaniýasy infrastrukturany goldamak üçin Türkmenistana 25 sany ýük ulaglaryny iberdi diýip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär. “SANY kompaniýasy mart aýynda Türkmenistana SYZ320C-8Y kysymly 25 sany ýük ulagyny üstünlikli getirendigini haabr bermäge şat” diýlip kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, “bu tapgyr Köýtendagda “Lebap” sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegine laýyk gelýär. Ýylda bir million tonna sement öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawody dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň kämil, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryny ulanmaga borçlandyrylýar. Bu çemeleşme SANY kompaniýasynyň gurluşygyň durnukly we netijeli usullaryna ygrarlylygyna laýyk gelýär” diýlip habarda aýdylýar.

Öndürijiniň bellemegine görä, “SANY kompaniýasynyň SYZ320C-8Y ýük ulaglarynyň bu taslamada peýdalanylmagy gurluşyk we logistika operasiýalarynyň netijeliligini hem-de ygtybarlylygyny ýokarlandyrar. Bu ýük ulaglary uzakmöhletliligi we öndürijiligi bilen tapawutlanýar, bu bolsa olary Lebap sement zawodynyň zerurlyklary üçin ýerine düşen çözgüt edýär”.

“Türkmenistanyň infrastruktura we senagat taslamalaryny ilerletdigi saýyn SANY kompaniýasy bu başlangyçlary goldamagyny dowam eder. Biz Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk hem ösdürilmegine bil baglaýar. Bu tagallalar SANY kompaniýasynyň ýokary hilli tehnikalaryň we hyzmatlaryň kömegi bilen ägirt uly gurluşyk we ösüş taslamalaryny goldamak boýunça giň gerimli maksatnamasynyň bir bölegidir” – diýlip metbugat beýanynda aýdylýar