Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Päriždäki ştab-kwartirasynda geçirilýän «CIGEPS 2024» forumyna gatnaşýar

2024-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde ÝUNESKO-nyň Päriždäki ştab-kwartirasynda Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) nobatdaky sessiýasyny geçirýär.

Sessiýa «CIGEPS-iň» başlygy, Çiliniň sport ministri jenap Jaime Pizarro, ÝUNESKO-nyň Sosial we ynsanperwerlik ylymlary boýunça baş müdiriniň kömekçisi hanym Gabriela Ramos, «CIGEPS-iň» öňki başlygy, Azerbaýjanyň ýaşlar we sport ministri, jenap Farid Gaýibow gatnaşýar. Şeýle-de, ÝUNESKO-nyň degişli bölümleriniň başlyklary, Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitete (CIGEPS) agza döwletleriň we hususy guramalaryň wekilleri gatnaşýar.

Bu duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Şamyrat Seräýewden ybarat bolan milli wekiliýet gatnaşýar.

ÝUNESKO-nyň sekretariýaty sport çäreleriniň sosial we daşky gurşaw mirasyny öňe sürmek, sportuň täsiri baradaky delilleri berkitmek, sporta goýulýan maýanyň gerimini giňeltmek, gender deňligini goldamak we güwä geçmek, milletparazlygyň öňüni almak, ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we başarnyklaryny anyklamak, Afrikanyň sport ekoulgamyny ösdürmek ýaly meselelere gözegçilik edýän «Fit for Life» maksatnamasynyň ýerine ýetiren işleri, ýeten sepgitleri baradaky maglumatlary özünde jemlär. Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň 2024-nji ýyldaky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlary bilen baglanyşykly ýokary derejeli wakalaryna syn berler.

Ýeri gelende ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) agzalygyna saýlanypdy.