Duşenbede türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Duşenbä resmi saparynyň çäklerinde, 4-nji aprelde Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň maslahatlar zalynda türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bilelikdäki işewürler maslahaty Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, netijeli işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Maslahata iki ýurduň hususy ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Nygtalyşy ýaly, ýokary derejede yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlaryň hem-de taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde, soňky ýyllarda türkmen-täjik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze sepgitlere çykdy.

Bellenilişi ýaly, şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna şu gezekki resmi sapary däp bolan dostlukly döwletara dialogyna kuwwatly itergi berdi.

Söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagynyň geljegi, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli guralýan işewürlik duşuşyklarynyň we beýleki ugurdaş çäreleriň ähmiýetli orny bellenildi.

Forumyň barşynda dürli pudaklarda, şol sanda senagat toplumynyň, ýangyç-energetika ulgamynyň, oba hojalygynyň, ulag-logistikanyň, maýa goýum işiniň ugry boýunça türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň işewürler bileleşiginiň ugry boýunça ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandyklary bellenildi.