Täjigistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy

Duşenbede türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Täjigistanyň Prezidentiniň gatnaşmaklarynda giňişleýin düzümde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:

--- Biz 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forumyny geçirmek barada çözgüt kabul etdik. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Prezident Emomali Rahmonyň adyna çakylyk haty iberildi --- diýdi hem-de türkmen tarapynyň Täjigistanyň Baştutanynyň bu duşuşyga gatnaşmagyna umyt edýändigini belledi.

Şeýle-de bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çäklerinde, 2024-nji ýylyň 17-18-nji maýynda Aşgabatda medeniýet ministrleriniň halkara maslahaty geçiriler. Täjik tarapy maslahata, hususan-da, Täjigistanyň medeniýet ministriniň gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.