Türkmenistan Täjigistana ulag üstaşyr geçiriş hyzmatlaryny hödürleýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi.

Häzirki wagtda Täjigistandan Türkmenistana, Hazaryň kenaryna, Eýrana, soňra Pars aýlagyna, Türkiýä çykmak arkaly ulag ugruny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Munuň özi Hytaýa we Ýewropa, Ýakyn hem Orta Gündogara iň gysga ýoldur diýip, duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary dowam edýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi