«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine okuwa kabul edişligiň başlanýandygyny yglan edýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl bolan uçarmanlyk käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine kabul edilşigi yglan edýär.

Okuwlar awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barylýar (ylalalaşyk esasynda). Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, belgisi: 23-47-88.

Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine 4 ýyllyk uçarman kärine okadyljak dalaşgärleri saýlap almaklygyň Tertibi:

1. Okuwa Türkmenistanyň raýatlylygy bolan saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

2. Okuw «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden (synag) we Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.

3. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň barlaglaryndan 15 gününiň dowamynda geçmeli;

Okuwyň möhleti 4 ýyl.

Resmi iş kagyzlary: Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 01.05.2024-31.05.2024 seneler aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— şahsy pasporty (göçürme nusgasy);

— harby şahadatnamasy (göçürme nusgasy);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwä haty;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşanlar, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň nusgasyny tabşyrýarlar.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary iňlis dili (gürlemek, ýazmak, okamak), matematika we fizika (şahadatnamalar makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dilleri boýunça bilimi makullanýar.

Giriş synaglary 01.06.2024-30.06.2024 seneler aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.

Çeşme : Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi