Türkmen ýaşlary Türkiýede uçarmançylyk boýunça okamaga çagyrylýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti uçarman bolmak isleýän Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetinde okamak mümkinçiligini döredýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýty habar berdi.

Giriş synaglary 2024-nji ýylyň 1 — 30-njy iýun aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçiriler.

Çäşmäniň ýazyşy ýaly, okuwyň möhleti fört ýyl bolar. Okuwlar ylalaşyk esasynda awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barlar.

Okuwa Türkmenistan raýatlylygy bolan saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuw «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilkibaşlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden (synag) we Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň lukmançylyk merkeziniň barlaglaryndan 15 gününiň dowamynda geçmeli.

Resmi iş kagyzlary ― bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa), şahsy pasporty (göçürme nusgasy), harby şahadatnamasy (göçürme nusgasy), umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy, narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat, soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama, 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat,  işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi, dalaşgär mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi bolan bolsa ýa-da umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan bolsa, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň nusgasy Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 1 — 31-nji maýy aralygynda kabul edilýär.

Giriş synaglary iňlis dili (gürlemek, ýazmak, okamak), matematika we fizika (şahadatnamalar makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.