Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistana resmi sapary tamamlandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Duşenbede Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandyklary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen düýn geçiren duşuşygynyň barşynda tassyklanyldy.

Şol gün Gahryman Arkadagymyz we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti sungat ussatlarynyň “Dostluk agşamy” atly bilelikdäki konsertine hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. “Borbad” köşgünde geçirilen köpöwüşginli döredijilik baýramçylygy doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryň türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, bu ugurda tejribe alyşmagyň, biziň halklarymyzyň milli medeni mirasyny öwrenmegiň, özboluşly däp-dessurlarymyzyň ähmiýetine ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär we oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Şonuň netijesinde, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dürli ulgamlarda, şol sanda oba hojalygynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýdyp, ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan ýangyç-energetika pudagynda alnyp barylýan gatnaşyklar barada aýdyp, bu babatda degişli toplumyň önümçilik düzümleriniň işine innowasion usullary we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegine aýratyn üns bermegiň, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.

Iş maslahatynyň barşynda ulag ulgamynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, şu maksatlar bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta geçelgeleriniň çatrygynda, häzirki döwürde täze şertlerde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine hem garaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistan Respublikasy bilen köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde şähergurluşyk ulgamynda, şol sanda “akylly” şäherler konsepsiýasyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Arkadagymyz Duşenbe şäherinde geçirilen Türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň ähmiýetini nygtap, onuň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň hem-de bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz Täjigistan Respublikasy bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşine hem-de geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmelidigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, hemmelere öňde goýlan jogapkärli wezipeleri amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Saparyň jemleýji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy.

Täjik parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, ol türkmen halkynyň Milli Liderini halkara derejä eýe bolan we biziň ýurtlarymyzda giňden bellenilýän Nowruz baýramy bilen gutlady. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Duşenbä şu gezekki sapary döwletara dialogyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazdy. Taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine, döredilen pugta binýada daýanyp, türkmen-täjik hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça gatnaşyklar ösdürilýär, parlament diplomatiýasynyň gurallary işjeňleşdirilýär.

Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi. Onuň üsti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen möhüm resminamalar bilen ýetirildi. Şunda Täjigistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly sarpa goýýandygy, döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge çalyşýandygy nygtaldy.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler we mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu günki duşuşygyň türkmen-täjik gatnaşyklarynyň, şol sanda parlament diplomatiýasynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk strategik häsiýeti bilen tapawutlanýar. Türkmenistan muňa ýokary baha berýär we Täjigistan Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.

Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bu babatda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunda söwda, ulag, energetika, senagat, oba hojalygy ileri tutulýan ugurlardyr.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýan ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Bilelikdäki medeni çäreler we ylmy gatnaşyklar halklarymyzyň ruhy taýdan özara baýlaşmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu netijeli dialogy mundan beýläk-de giňeltmäge, hususan-da, ylym-bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa, sebitara gatnaşyklar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Pikir alyşmalaryň barşynda bellenilişi ýaly, netijeli türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde milli parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Häzirki zaman şertlerinde parlament diplomatiýasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan diplomatik işiň bu formatyny ilerletmäge uly üns berip, dünýäniň dürli döwletleri bilen parlamentara gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Kanun çykaryjy edaralaryň hyzmatdaşlygynda gazanylan üstünlikler we toplanan tejribe parlament diplomatiýasynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň duşuşyklary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleri yzygiderli geçirmek, parlament wekiliýetleriniň özara saparlaryny amala aşyrmak arkaly bu ulgamda gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy beýan edildi.

Parlament diplomatiýasy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, umuman, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde wajyp orun eýeleýär. Munuň özi bu ulgamda türkmen-täjik hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmen-täjik parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygyny belläp, ýakyn wagtda onuň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi.

Derwaýys ugurlar boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek meseleleri babatda özara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de tejribe alyşmak teklip edildi. Munuň özi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär. Gahryman Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen we täjik halklarynyň medeni mirasynyň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy esasynda ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda parlamentleriň ornuny pugtalandyrmagy teklip etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň we Täjigistanyň parlamentarileriniň köptaraply meýdançalarda — Parlamentara Birleşigiň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň, Aziýanyň Parlament Assambleýasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Birleşiginiň, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Şunda taraplaryň bu ugurda mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Oli Majlisiň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzodany we täjik parlamentiniň agzalaryny Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen hem duşuşdy.

Doganlyk ýurduň Hökümet Başlygy Gahryman Arkadagymyzy täjik topragynda mübäreklemäge örän şatdygyny nygtap, şu saparyň hem-de düýn türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Täjigistanyň Baştutanynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň hem-de olaryň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklaryň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklara, köpýyllyk üstünlikli tejribä hem-de kuwwata daýanmak bilen, häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Milli Liderimiz mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Emomali Rahmon bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi. Onuň barşynda döwletlerimiziň özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydyklary ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Gahryman Arkadagymyz Täjigistanyň Premýer-ministri bilen şu günki duşuşygyň hem giň ugurlar boýunça türkmen-täjik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Syýasy-diplomatik ulgam barada aýdylanda, Türkmenistan Täjigistan Respublikasyna ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlykda möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýar. Bilelikdäki işiň geçen onýyllyklarynyň dowamynda biziň ýurtlarymyzyň hem halklarymyzyň arasynda hoşmeýilli dost-doganlyk gatnaşyklary emele geldi. Şol gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, özara goldawa esaslanýar.

Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, şol sanda ony hususy kompaniýalaryň, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etmek arkaly üpjün etmek maksady bilen, ylalaşykly işleri amala aşyrmagy teklip etdi. Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň paýtagtlarynda söwda öýlerini açmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek babatda netijeli ädimleri ätmegiň zerurdygy aýdyldy.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Duşenbede geçirilen iki ýurduň eksport harytlarynyň sergisiniň hem-de bilelikdäki işewürlik maslahatynyň barşynda Täjigistanyň telekeçileri türkmen dokma önümlerine uly gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetinde geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dostlukly döwletiň çäginde dokma fabrigini döretmek boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligine garamaga taýýarlyk tassyklanyldy. Türkmenistan bu meseläni öwrenmek we ara alyp maslahatlaşmak üçin iki ýurduň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň duşuşygyny guramaga taýýardyr. Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki hökümetara toparynyň işine, şeýle hem Türkmen-täjik işewürler geňeşine möhüm orun berilýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Täjigistanyň Premýer-ministri 4-nji aprelde Prezident Emomali Rahmon bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň birnäçesine üns çekdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, gürrüň, hususan-da, Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça ulag ýoluny döretmek, şeýle hem Täjigistanyň we Özbegistanyň çäginiň üsti bilen, Hazar deňziniň we Pars aýlagynyň portlaryna çykmak arkaly Hytaýdan Türkmenistana multimodal ulag geçelgesini çekmegiň mümkinçilikleri barada barýar.

Demir ýol we awtomobil ulagy ulgamynda hem degişli işler alnyp barylýar. Iki döwletiň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýükleri üstaşyr geçirmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu ulgamda alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýük daşamalaryň möçberi durnukly artýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny dikeltmek mümkinçiligini öwrenmegi dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde energetika ulgamyna garamagy teklip etdi. Gürrüň, hususan-da, türkmen elektrik energiýasyny we tebigy gazyny Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana ibermek barada barýar. Şunda elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda biziň ýurtlarymyzyň tejribesiniň bardygy bellenildi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň şeýle gatnaşyklary dikeltmäge we ony yzygiderli esasda amala aşyrmaga, elektrik energiýasyny, tebigy gazy ibermegiň tehniki, guramaçylyk we beýleki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Şunda, zerur bolan halatynda, özbek tarapynyň bilermenleriniň hem gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygy guramak maksadalaýyk hasaplanýar.

Ýurdumyz türkmen nebit önümlerini ibermek ulgamynda Täjigistan bilen gatnaşyk edýär we täjik tarapynyň isleglerine laýyklykda, olaryň möçberini artdyrmaga hem taýýardyr. Oba hojalyk pudagynda-da hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz obasenagat toplumynyň ugry boýunça gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Munuň özi, hususan-da, oba hojalyk önümleriniň özara yzygiderli iberilmegine degişlidir. Munuň üçin taraplarda zerur şertler, şol sanda hukuk binýady bar. Bu meseläni iki ýurduň hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň we telekeçileriniň gatnaşmagynda durmuşa geçirmek teklip edilýär.

Bilelikdäki hökümetara toparyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde suw hojalygy ulgamynda hem türkmen-täjik hyzmatdaşlygy amala aşyrylýar. Beýleki degişli taraplaryň gatnaşmagynda gatnaşyklaryň bu ugruny işjeňleşdirmek maksadalaýyk hasaplanýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyz we Täjigistanyň Premýer-ministri hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ugruna hem üns berip, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Özara Medeniýet günlerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şunda biziň ýurtlarymyzy asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy, medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň birleşdirýändigi aýratyn ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz şu ýyl türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, maý aýynda Aşgabatda medeniýet ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat, oktýabr aýynda bolsa döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ýubileý senä bagyşlanan halkara forumy geçiriler. Türkmenistan Täjigistanyň wekiliýetiniň bu çärelere gatnaşmagyna umyt edýär.

Şeýle hem bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň gurulmagy bu ulgamdaky netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Kohir Rasulzoda Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça mundan beýläk-de netijeli gatnaşyk etmegi göz öňünde tutýandyklaryny nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dostlukly halklaryň abadançylygynyň bähbidine geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Şu gün Hökümet kabulhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi.

Dostlukly döwletiň Baştutany Gahryman Arkadagymyz bilen doganlarça salamlaşyp, duşuşygyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Liderini binanyň bezegi bilen tanyşdyrdy. Onuň içki bezeginde däp bolan täjik binagärliginiň özboluşly ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Köpöwüşginli milli bezegiň usullary, şol sanda neçjarçylyk usullarynyň ussatlyk bilen ulanylmagy, täsin nagyşlar, özboluşly çyralar täjik halkynyň gadymy taryhyny we baý medeniýetini alamatlandyrýar. Şunuň bilen birlikde, binanyň içki bezeginde binagärligiň häzirki zaman gazananlary hem ulanylypdyr.

Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda halkymyzyň täsin medeni mirasynyň bir bölegi bolup durýan milli binagärligiň we bezegiň gadymdan gelýän däpleri aýawly saklanylýar. Olar öňdebaryjy ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamalarynda, Arkadag şäherini gurmagyň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyzda, täze “akylly” şäherde hem-de Diýarymyzyň sebitlerinde gurlan we gurulýan binalaryň daşky keşbi, içki bezegi täsinligi, milli öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz täjigistanly hyzmatdaşlar bilen binagärlik we bezeg ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de tejribe alyşmagyň möhümdigini aýtdy.

Duşuşykda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu saparynyň ähmiýetini belledi. Saparyň maksatnamasyna parlament we Hökümet ugurlary boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi girizildi. Täjigistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalar iki ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Emomali Rahmona mähirli kabul edendigi hem-de bilelikde üstünlikli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Duşenbe şäherinde geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şol duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan açyklyk, özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýynda geçdi. Munuň özi dostluk gatnaşyklaryna hem-de taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanýan döwletara dialogyň aýratyn häsiýete eýediginiň aýdyň güwäsidir.

Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Emomali Rahmon Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däpleriniň, taryhyň, medeniýetiň, ruhy we durmuş gymmatlyklarynyň umumylygy esasynda ösdürilýändigini bellediler. Biziň ýurtlarymyz şeýle berk binýada eýe bolmak bilen, hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler, sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça netijeli dialogy alyp barýarlar.

Türkmenistan we Täjigistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýärler, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, häzirki döwrüň wehimleri bilen bagly derwaýys meseleleri çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge anyk goşant goşýarlar. Biziň döwletlerimiz hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy hem-de BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň meýdançalarynda birek-biregi goldamak tejribesini dowam etdirmegi göz öňünde tutýarlar.

Iki dostlukly ýurt söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna eýe bolmak bilen, özara söwdanyň möçberini artdyrmak, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, gatnaşyklaryň täze geljegi uly ugurlaryna çykmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Döwletara gatnaşyklarda ekologiýa we tebigaty goramak meselelerine hem aýratyn üns berilýär. Ýurtlarymyz bu ulgamda, şol sanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde bilelikdäki tagallalara, gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, şu görnüşdäki ysnyşykly we köptaraply hyzmatdaşlyga ygrarlydyrlar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Emomali Rahmon saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň hem-de gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Täjigistan Respublikasynyň Baştutany Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline bardylar. Bu ýerde uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Emomali Rahmon mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Arkadagymyz Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň maksatnamasyny tamamlap, uçarda Watanymyza ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menziline gelende, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň netijeleri iki döwletiň we halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen dost-doganlyk däplerine berk ygrarlydygynyň, taraplaryň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga taýýardygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

***

Dostlukly döwletde guralan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa iki ýurduň ylym we döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy häzirki döwürde biziň doganlyk halklarymyzyň ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Dostlukly gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmeginde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary munuň aýdyň güwäsidir.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda täjik tarapynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kitaplarynyň baý many-mazmunyna we çeperçiligine ýokary baha berip, bu eserleriň dünýäniň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýändigini bellediler.

Dabara gatnaşyjylar iki dostlukly döwletiň Baştutanlaryna netijeli gatnaşyklary ösdürmek hem-de Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döredijilik işgärleriniň arasynda tejribe alyşmak babatda döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi