Hytaýyň 2000 km hereket ätiýaçlygy bolan gibrid ulagy: ilkinji suratlary we aýratynlyklary

«BYD» 25-nji aprelde Pekindäki awtoulag sergisinde tanyşdyryljak täze «Qin L» gibrid sedanynyň suratlaryny görkezdi.

Täze ulagyň esasy aýratynlygy bir gezekde 2000 km aralygy geçmegi üpjün edýän «DM-i» gibrid hereketlendirijisidir. Ulagyň garaşylýan bahasy 120 000 ýuan.

Suratdan çen tutsak, «Qin L» nagyşlanan kuzow çyzyklary bolan sport dizaýny, täze optika we radiator gözeneginiň ýerine boş panel bilen üpjün edildi.

Salonda «BYD-niň» beýleki ulaglaryna mahsus stilistik çözgütler peýdalanylypdyr.

Sedanyň çaklanylýan ölçegleri: uzynlygy – 4830 mm, teker binýady – 2790 mm.

Gibrid güýç ulgamy 101 at güýji kuwwaty bolan benzin bilen işleýän hereketlendirijiden we kuwwaty 163 ýa-da 218 at güýji bolan elektromotordan ybarat bolar.

Akkumulýatoryň kuwwaty – 10 ýa-da 15,9 kWt/sagat

Elektromotor bilen bir zarýadda geçýän aralygy 60 – 90 km bolar. Bu barada motor.ru habar berýär.