Aşgabat – Türkmenabat awtobanynyň Tejen – Mary bölegi halkara güwänamalaryň 5-sine mynasyp boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegine 5 sany halkara güwänama gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, gowşurylan halkara güwänamalar şulardan ybarat:

– Ýaponiýanyň «NEC Telekommunikasion Ltd.» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin» atly halkara güwänamasy;
– Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasynyň«Ýokary tizlikli ýoluň wideo gözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamasy;
– Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi» barada halkara güwänamasy;
– Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartlaryna laýyk gelýändigi» barada halkara güwänamasy;
– Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň metodiki gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» barada halkara güwänamasy.