Ilkinji «Exeed» miniweniň aýratynlyklary mälim edildi

«Exeed» miniwen ugry boýuça ilkinji ulagy bolan «E08-iň» aýratynlyklaryny mälim etdi. Onuň esasy tapawutly taraplarynyň biri diňe bir ikinji däl, eýsem, üçünji hatar oturgyçlara çenli açylýan portal gapylary bolar.

«E08» 25-nji aprelde Pekin awtoulag sergisinde ilkinji gezek görkeziler. Umuman aýdanyňda, miniweniň dizaýny sada, ýöne ajaýyp aýratynlyklara eýe. L we U görnüşli şekillerde ýerine ýetirilen LED optika «Exlantix» elektrik awtoulaglaryndaky ýaly piksel paneller bilen üpjün edilýär. Adaty radiator gözeneginiň ornuny tutan uly trapesiýa şekilli paneliň hem yşyklandyrylmagyna garaşylýar. Teker diskleri hem özboluşly.

«E08» äpet göwrüme eýe, ýöne salonda diňe üç hatar oturgyç göz öňünde tutulan. Yzky gapylar teker arkalaryna çenli uzalýar we açylanda miniweniň ölçeglerini has uly görkezer. Goş goýulýan bölümiň (bagažnigiň) gapysy ýokarlygyna we aşaklygyna açylýan iki bölege bölünen.

«Exeed E08» brendiň täze stilini özünde jemleýän konsept hökmündäki orny eýeleýär. Onda Günbatar estetikasy bilen Gündogar äheňleri birleşdirildi, onuň keşbiniň üstünde Ýewropa we Şanhaý studiýalarynyň hünärmenleri işlediler.

Pekinde «E08» konsept hökmünde peýda bolar. Şeýle-de bolsa, «Exeed-iň» täze ugurdaky ornuny berkitmek üçin döredilen modeliň köpçülikleýin öndüriljek wagtyna hem uzak garaşmaly bolmaz. Bu barada «auto.ru» habar berýär.