«Tesla» kompaniýasynyň «Cybertruck» elektrikli ulagy meşhurlyk rekordyny täzeledi

Täze «Tesla Cybertruck» özi baradaky jedellere garamazdan, bäsdeşlerine seredeniňde has köp satylýar. Bu barada SPEEDME.RU habar berýär.

Ýeri gelende aýtsak, kompaniýa geçen ýylyň dekabr aýyndan şu ýylyň 4-nji apreline çenli aralykda «Cybertruck» kysymly ulaglarynyň 3878 sanysyny satdy.

Şeýlelikde, «Cybertruck» bir ýylda 3260 sany satylan «Hummer EV»-i satyş barada tozana gardy. Häzir bu ulag ýylyň ilkinji üç aýynda 2399-sy satylan «Rivian R1T»-den hem öňe saýlanýar.

Elektrikli pikaplaryň bazarynda bolsa «Ford F-150 Lightning» öňdeligi hiç kime berenok. Şu ýylyň birinji çärýeginde bu ulagyň 7743 sanysy eýesine gowuşdy.