BYD üsti we öň aýnasy bolmadyk elektrikli ulagy hödürledi

Hytaýyň awtoulag ägirtleriniň biri bolan BYD kompaniýasy täsin görnüşdäki «Super9» elektrikli ulagyny toplumlaýyn öndürmäge taýýarlanýar.

«Super9» kompaniýanyň iki oturgyçly ulaglarynyň täze nesli bolar. Onuň taslamasy täzeçillik hyýalbentliginden gelip çykýar. Ulagda ozaldan öwrenişilen gapylaryň ornuna has jaýdar gaýçy şekilli gapylar ornaşdyrylypdyr, onuň göwresi bolsa iki bölege bölünýär.

«Super9»-yň içki görnüşi hem täsin. Ulagyň ruly söweş uçarynyň ruluny ýadyňa salýar. Oturgyçlar bolsa şassiniň bir bölegine öwrülip gidýär. Öňki aýnanyň bolmazlygy bolsa howa akymyny ýokary sowýan aerodinamiki gurluş arkaly sowulýar.

«Super9»-yň tehniki aýratynlyklary barada heniz habar berilmedi, ýöne ulagyň haýran galdyryjy güýje eýe boljakdygyny aýdyp bolar diýip, «Techcult.ru» ýazýar.