«Jeep Gladiator» indi täze reňkde

Amerikanyň dünýä meşhur «Jeep» kompaniýasy «Gladiator» kysymly awtoulagyň reňk mümkinçilikleriniň giňelýändigini habar berdi. 2024-nji model ýylyndan başlap, müşderiler täzelikler bilen ylhamlanan «Tuscadero Pink» reňkinden lezzet alyp bilerler.

Kompaniýanyň Demirgazyk Amerika boýunça ýolbaşçysy Bill Pefferiň pikirine görä, gülgüne reňki goşmak barada çözgüt «markanyň muşdaklarynyň köp sanly haýyşlaryndan soň» geldi diýip, «Motor.ru» ýazýar.

«Tuscadero Pink» ilkinji gezek 2021-nji ýylda «Wrangler» ulaglarynda ulanyldy we dessine meşhurlyga eýe boldy. Şeýlelikde, bary-ýogy alty aýda gülgüne reňkli «Wrangler» ulaglarynyň 30 müňüsi satyldy.

Täze reňk «Gladiatoryň» Sport, Mojave we Rubicon görnüşlerine urlar. Hut şu reňke boýalandygy üçin bu ulaglaryň eýeleri goşmaça 985 dollar tölemeli bolarlar.