Türkmenistanyň Mary welaýatynda täze awtobus ugurlarynyň onlarçasy peýda boldy

Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryna Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sowgat berlen HIASE we COASTER kysymly ýapon awtobuslarynyň 200-den gowragy welaýatyň ýollarynda ýolagçy gatnadyp başlady. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Täze ulaglaryň gatnawa goşulmagy bilen welaýatda täze ugurlaryň birnäçesi açyldy. Awtobuslar Mary şäherinde we etraplara ýolagçylary gatnadýarlar.

«Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň wekili Rahym Orazlyýew täze ulaglaryň juda amatlydygyny nygtaýar. Täze awtobuslar birleşigiň Ýolöten, Tagtabazar we Baýramaly etraplaryndaky kärhanalaryna hem bölünip berildi.

Awtobuslaryň Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň Tejen ― Mary böleginiň açylyş dabarasynda sowgat berlendigini ýatladýarys.