«Exlantix ET» elektrikli krossoweri on gatly binanyň beýikliginden aşak taşlanyldy

«Exeed» kompaniýasy täze elektrikli krossoweri bolan «Exlantix ET» ulagyny 32 metr beýiklikden demir plastinka taşlap, adaty bolmadyk heläkçilik synagyny geçirdi.

Synagyň maksady beden gurluşynyň ajaýyp güýjüni, şeýle hem «Exlantix ET»-iň ýokary howpsuzlyk derejesini görkezmekden ybarat ― diýip, «Motor.ru» ýazýar.

Synagyň netijeleri garaşylanyndan has ýokary boldy. Elektrikli awtoulagyň süňňi sütünlerine çenli doly deformasiýa sezewar boldy, ýöne içki we howpsuzlyk elementleri üýtgemedi. Mundan başga-da, awtoulagyň gapylary aňsatlyk bilen açyldy, howa ýassygy kadaly işledi, suwuklyk syzmady, batareýa zeper ýetmedi we elektrik üpjünçiligi awtomatiki usulda öçürildi.

«Exlantix ET» «Exeed» kompaniýasynyň gibrid we ähli elektrik görnüşlerinde elýeterli premium elektrikli krossoweridir. Elektrikli awtoulagyň güýji üýtgemä baglylykda 252-den 561 at güýjüne çenli bolar we bir zarýadlandyrma bilen 760 kilometr aralygy geçip biler.