Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryna 200-e golaý täze ýolagçy awtobuslaryny sowgat berdi 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda iki sany möhüm desganyň --- kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň hem-de Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga niýetlenen desganyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Döwlet Baştutany çykyşynyň barşynda Ahal welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýynyň sowgat hökmünde gowşurylýandygyny aýtdy.

«...Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desganyň dabaraly açylmagy, şeýle hem welaýatyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi mynasybetli siziň ähliňizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda belledi.