«Demirýollary» AGPJ-niň wekilleri Minsk şäherinde halkara maslahata gatnaşdylar

Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde «Demir ýol logistikasy: ösüşiň möhüm ugurlary» ady bilen geçirilen halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistandan «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we beýleki logistika kompaniýalarynyň 10 wekilinden ybarat topar  gatnaşdy.

Halkara maslahatyň dowamynda gatnaşyjy döwletleriň logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, olaryň arasynda demir ýol gatnawlaryny işjeňleşdirmek ýaly öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem «Gündogar — Günbatar», «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgeleriniň, üsti bilen demir ýol ýük daşamalaryny ýygjamlaşdyrmak, täze demir ýol geçelgelerini işjeňleşdirmek we sanlylaşdyrmak boýunça özara pikir alşyldy hem-de degişli ugur bilen belarus ýüklerini daşamakda üstaşyr geçirýän ýurtlaryň hödürleýän ýeňillikleri barada maglumat berildi.

Duşuşykda belarus tarapynyň gyzyklanma bildirýän demir ýol edaralary we logistika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge açykdygy bellendi. Halkara maslahatyň ahyrynda degişli döwletleriň logistika kompaniýalarynyň arasynda özara işewürlik duşuşyklary geçirildi.

Belarus Respublikasynyň Demir ýol edarasy tarapyndan guralan halkara maslahata Russiýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň we logistik-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.