Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak baradaky Tertibe goşmaçalar girizildi

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2023-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky buýrugy bilen, «Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine» käbir goşmaçalary girizildi. 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy martynda 1694 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan buýruk bilen tassyklanan Tertibiň 13-nji böleginde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän raýatlara «C» topara degişli ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň on sekiz ýaşdan berilýändigi aýdylýar.

Şeýle hem mundan beýläk sürüjilik şahadatnamasy synaglardan üstünlikli geçen adamyň ynanylan wekili tarapyndan hem ynanç haty esasynda alnyp bilner. Bu Tertibiň 16-njy böleginde görkezilýär.

«Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Bellige alyş we synag birlikleri tarapyndan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça okuw mekdeplerinde okaýanlaryň islendik toparlarynyň okuwa gatnaşyklaryna we olaryň okadylyşyna gözegçilik edilýär. Kemçilikler ýüze çykan ýagdaýynda şol edaralaryň ýolbaşçylaryna, aýratyn halatlarda olaryň ýokarda durýan guramasyna habarnama iberilýär» diýlip, 20-nji böleginde aýdylýar.