2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň dördünji bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň 2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde çykaran 106-Ö belgili «Aw awlamagyň düzgünlerini tassyklamak hakynda» Buýrugy, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web-saýtynda dolulygyna ýerleşdirildi.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasynyň hyzmatlarynyň üstüni «Kamaz 5490» we «Nefaz-93341» (tentli ýarym tirkeg) ulaglarynda ýük daşamak mümkinçilikleri hem ýetirýär.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam iberen hatynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklaryny häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan berk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýandygyny belledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi:
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan El-Salwador Respublikasynyň Prezidenti Naýib Bukelä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen El-Salwador Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.