Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Aziýanyň ösüş bankynyň her ýylky mejlisiniň 57-nji duşuşygyna gatnaşýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň we Owganystanyň söwda-senagat ministri Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky türkmen-owgan gepleşikleri şu ýylyň 26-njy aprelinde Kabulda geçirildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji maýda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri tarapyndan uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.