Aşgabadyň “Arçabil” myhmanhanasynda 30-njy aprelde Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýer ýüzüni goramagyň gününe gabatlanylyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baş bina” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy aprelde degişli Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
"Awtomobil ulag hyzmaty" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti "BC" topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjileri ýeñil taksi awtoulaglaryna işe kabul edýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de ýurduň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy palatasynyň başlygy Samad Hassanzadeniň arasynda Tähranda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak barada pikir alşyldy. Duşuşykda türkmen-eýran söwda dolanyşygynyň häzirki wagtda ýyllyk 450 million amrikan dollara deňdigi, emma muňa garamazdan, bu mukdary has artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň degişli bildirişi «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.