Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň we Owganystanyň söwda-senagat ministri Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky türkmen-owgan gepleşikleri şu ýylyň 26-njy aprelinde Kabulda geçirildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji maýda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri tarapyndan uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp her ýyl geçirilýän baýramçylyk dabaralaryň çäklerinde, 2024-nji ýylyň 24 – 25-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi geçiriler.
Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň parlament wekiliýeti 12-nji maýda üç günlük sapar bilen Aşgabada geler.