«Great Wall» 8 silindrli «Souo»  motosiklini hödürledi

«Great Wall Motors» konserni «Souo» atly täze markasy bilen motosikl bazaryna girýär. Ol taryhda ilkinji 8 silindrli motosikli bilen bütin dnüýäni haýran galdyrar.

«Souo»-nyň ilkinji modeli amatly we uzak aralyga syýahat etmäge mümkinçilik berýän ullakan kruizerdir. 2.0 litrlik hereketlendirijisi tekiz çekiş we pes agyrlyk merkezini üpjün etmek üçin niýetlenendir, 8 tizlikli korobka we güýçli hereketlendirijisi bolsa tizligi hem-de ygtybarlylygy üpjün edýär.

«Souo»-nyň daşky görnüşi, esasy bäsdeşi bolan «Honda Gold Wing»-den tapawutlanýan nusgawy görnüşde döredildi. Motosikl oňaýly ýolagçy oturgyç we goşlar üçin üç sany giň magistral bilen enjamlaşdyryldy.

Şeýle-de bolsa, täze mootsikliň käbir tehnii aýratynlyklary henzi beýan edilmedi ― diýip, «Auto.ru» ýazýar.