Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş goňşy ýurtlarynyň biriniň Eýran Yslam Respublikasydygyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi.
Ulag mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani Eýrandaky "Serahs" aýratyn ykdysady zolagyna, şeýle hem türkmen-eýran "Dostluk" bendine we Türkmenistan bilen serhetdäki gümrük nokadyna baryp gördi.
24-25-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan ata şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.