Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

 27-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristofer Alberto Martinez Berroterandan ynanç hatyny kabul etdi. 

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem parlament derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylýan netijeleriň  ähmiýetini bellediler.

Söhbetdeşligiň soňunda döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.

 Çeşme : Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi