«Mercedes-Benz» önümçilik zawodlarynda adama meňzeş robotlary ulanyp başlar

Germaniýanyň «Mercedes-Benz» awtokonserni Wengriýadaky zawodynda Amerikanyň «Apptronik» kompaniýasynyň adama meňzeş «Apollo» robotlaryny ulanmagy synagdan geçirer. Bu barada kompaniýanyň ýüztutmasyna salgylanýan «Financial Times» habar berýär.   

Robodyň boýy 170 sm, agramy 73 kg bolup, onuň 25 kilograma çenli agyrlygy götermäge mümkinçiligi bar. Olar ulag önümçiliginde ulanyljak serişdeleri daşamak, ýygnamak hem-de hiliň derejesini barlamak üçin ulanylar.

«FT» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, «Mersedes-Benz» robotlary fiziki işjeňligi talap edýän, gaýtalanýan we ýadadýan işleri ýerine ýetirmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär.

Gazet muny awtoulag pudagynda gumanoid robotlarynyň ilkinji ulanylyşlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirýär.

Şeýle robotlar adamlar üçin niýetlenen ýerlerde hereket edip biler we ulag senagatynyň gymmat bahaly bolmadyk önümçiligini awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Robotlar adamlar üçin niýetlenen ýerlerde hereket edip biler. Şonuň üçin hem, olar önümçiligi çykdajysyz awtomatlaşdyrmaga ýardam eder. «Mersedes» kompaniýasynyň önümçilik müdiri Ýorg Burser robotlaryň önümçilik işgärleriniň ählisiniň ornuny tutmajakdygyny aýtdy. «FT» bolsa bir işçiniň täze mehaniki kärdeşi bilen el çarpýan wideosyny görkezdi.

«Awtoulag önümçiligimiz utgaşykly meseleleriň çylşyrymlylygyny çözüp bilýän we bu ajaýyp awtoulaglary ýasap bilýän işçileri, birinji derejeli hünärmenleri talap edýär» — diýip, Burser belledi.