ABŞ-da öndüriljek täze ulaglarda awtoduruzyjy jökmany şert bolar

2029-njy ýyldan başlap, ABŞ-da satylan awtoulaglaryň hemmesinde Milli awtoulag ýol hereketi howpsuzlygy dolandyryş gullugynyň (NHTSA) täze düzgüni boýunça awtomatiki duruzyjy (AEB) bolmalydyr. Bu barada «Avtonovostidnya.ru» saýtynyň berýän habarynda aýdylýar.

AEB-den başga-da, täze ulaglara pyýada ulgamlary üçin bolup biljek çaknyşygy öňünden habar berýär ulgam hem giriziler.

Bu ulgamlaryň işleşiş tizligi aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

AEB: sagatda 63 mile çenli (100 km/sag) tizlikde başga bir ulag bilen çaknyşmagynyň öňüni almak üçin; sagatda 90 mil tizlige çenli (145 km/sag) tizlikde pyýada ýolagçy bilen çaknyşmagyň öňüni almak üçin.

NHTSA bu talabyň azyndan 360 adamyň ömrüni halas etmegine we her ýylda 24,000 şikesiň öňüni almagyna garaşýar.