«Nissan» we «Mitsubishi» bilelikde ýük ulagyny öndürerler

Ýaponiýanyň «Nissan» we «Mitsubishi Motor Corporation» awtoulag kompaniýalary ABŞ-nyň bazaryna gönükdirilen täze ýük awtoulagyny öndürmek üçin birleşýärler. «Automotive News»-yň berýän habaryna görä, bu hyzmatdaşlyk iki kompaniýa-da awtoulagyň täze neslini öndürmek üçin çykdajylary optimizirlemäge mümkinçilik berer.

ABŞ-da meşhur bolan «Nissan» bilelikdäki ösüşe esaslanýan gibrid modeli alar. «Mitsubishi» hem öz gezeginde «Nissan»-yň elektrik ulagy tehnologiýasyna girip, «Ariya» platformasy esasynda batareýa bilen işleýän ulagy döredip biler.

Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň netijesinde täze ýük ulagynyň 2027-nji ýyldan gijä galman döredilmegine garaşylýar.