«Maserati» bir ýyllap boýalan «MC20» roadsterini hödürledi

«Maserati» kompaniýasy «Opera d'arte» diýlip atlandyrylan «MC20 Cielo» roadsteriniň ýörite goýberilişini hödürledi. Bu ulag şeýle görnüşiň ýeke-täk wekili bolan sport ulagydyr. Täze ulag ilkinji gezek «Maserati» tarapyndan bassyr üç ýyl bäri hemaýatkärlik edilip gelinýän «Rolex Monte-Karlo Masters» tennis ýaryşynda görkezildi ― diýip, «Auto.ru» habar berýär.

«MC20 Cielo Opera d'arte» markanyň 2020-nji ýylda açan «Fuoriserie» şahsylaşdyrma bölüminiň täze neslidir.  Ady mälim edilmeýän bir müşderi roadster üçin abstrakt sungatdan ylham alýan aýratyn şekili döretmek isledi. Netijede, awtoulag dürli reňkli geometrik nagyşlar bilen bezelen açyk gök daşky we içki reňke eýe boldy.

Beden panelleri, teker diskalary, dolandyryş paneli we oturgyçlaryň hemmesi diýen ýaly adaty bolmadyk nagyşlar bilen bezelipdir. «Maserati» ulagy suratkeşiň eserine öwürmek üçin ýörite şekillendiriş usulyny ilkinji bolup ulanandygyny aýdýar. «Maseratiniň» «Centro Stile» dizaýn studiýasy tarapyndan hem goşant goşulan  taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin bir ýyl gerek boldy.