«Balkan» zawody täze gury ýük gämileri üçin IMO belgileri aldy

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody gämileri abatlamak, gurmak boýunça hyzmatlaryny gün-günden kämilleşdirýär.

5-nji aprelde «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde guruljak ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämileri üçin Halkara deňiz guramasy tarapyndan «IMO Resolution A.1078» (28) rezalýusiýasyna laýyklykda IMO belgileri alyndy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 1-nji gäminiň Imo belgisi: 1061154, 2-nji gäminiň Imo belgisi: 1061166.

1987-nli ýylda A.600(15) Rezulýasida deňizde howpsuzlygyň, hapalanmagyň we hilegärligiň öňüni almak maksady bilen gämilerdir ýüzýän desgalarda Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) belgisini ulanmak kabul edildi. Eýeçiligiň görnüşine we baýdagyň haýsy döwlete degişlidigine garamazdan, gäminiň ulanyş döwründe bu belgi hökman bolmalydyr.

Halkara Deňiz Guramasy tarapyndan 1994-nji ýylda kabul edilen karar esasynda, SOLAS HK-nyň XI/3 bölüminde görkezilişi ýaly, hökmany ýagdaýda umumy sygymlylygy 100 ton bolan ýolagçy daşaýan gämilerde we umumy sygymlylygy 300 tonna bolan ähli ýük daşaýan gämilerde bolmagy kabul edildi.

Bu karar 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girdi we degişli belginiň gämilerde bolmagy talap edilip başlandy. HDG-nyň 2013-nji ýylda kabul eden A.1078 (28) Rezolýusiýasynda balyk tutýan gämilerde meýletin ulanmaklyk kabul edildi. Bu belgi gämilerde we ýüzýän desgalarda görünýän ýerinde bolmalydyr.